milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
29.04.2019 539 Habarlar

28-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, «KamAZ» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Sergeý Kogogin, «Tatneft» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nail Maganow, «UK» KER-Holding» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň ýolbaşçysy Hamis Mahýanow bilen duşuşdy.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň dostlukly türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda täze üstünlikler baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny ýetirdi.

Belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly ünsüň berilýändigi üçin hoşallyk bildirip, işewür gatnaşyklary giňeltmäge we munuň üçin Tatarystan Respublikasynda döredilen aýratyn ykdysady zolaklary, senagat we tehnoparklary, inžiniring hem-de ylmy-barlag merkezlerini, nano we IT-tehnologiýalary ulgamynda gazanylanlary, kompozision serişdeleri we robot tehnikalaryny, sebitara logistika merkezlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ulanmaga taýýarlygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Rustam Minnihanow birek-birege mähirli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň hem-de RF-iň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini tassykladylar, doganlyk türkmen we tatar halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw etdiler.