milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.10.2022 663 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Abdel Latif Raşide Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdel Latif Raşide tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Yrak Respublikasynyň halkyna bolsa pahatatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.