milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
16.10.2022 365 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Bartyn welaýatyndaky kömür şahtasynda bolup geçen partlamanyň, köpsanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.