milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
10.08.2019 326 Habarlar

9-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Duşuşykda milli Liderimiz we myhman ägirt uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň döwletimiz döwrebap senagat düzümini döretmäge, iş ýüzünde täzelikleri, oňyn tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary netijeli ulanmaga aýratyn üns berýär. Şunda ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de ýerli çig mal esasynda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli önümleri öndürmek bilen baglylykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Şu babatda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny yzygiderli artdyrmak, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we işjeňleşdirmek üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda, Türkmen-türk işewürler geňeşiniň işini işjeňleşdirmegiň, şeýle hem pudaklaýyn sergileri we bilelikdäki işewürler forumlaryny geçirmegiň wajypdygy bellenildi.