milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
06.09.2022 333 Habarlar

5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlarda uly mümkinçilikler hasaba alnyp, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman şertlerine laýyklykda, energetika, ulag-kommunikasiýa hem-de infrastruktura ulgamlary ýaly strategik ugurlarda tagallalary birleşdirmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň möhüm bolup durýandygy bellenildi. Şeýle-de bu guramanyň düzüminde döredilýän Türki maýa goýum gaznasyny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar.