milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Katar Döwletinde boldy
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Katar Döwletinde boldy
04.12.2022 429 Habarlar

3-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

Duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar türkmen wekiliýetiniň Katara şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine pugta ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyny açmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.

Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino birek-biregi mübäreklediler. FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň şu saparynyň sport ulgamynda, aýratyn-da, futbol babatda halkara derejedäki gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetini belledi. Türkmenistanda sport we Olimpiýa hereketiniň giňden ösdürilýändigine üns çekilip, sportuň futbol görnüşini giňden ýaýbaňlandyrmak ugrunda halkara derejede tagallalary birleşdirmekde FIFA-nyň ýardam bermeginiň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.