milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaratnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaratnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
03.12.2019 581 Habarlar

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onuň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň meseleleri girizildi. Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häkimler paýtagtymyzda we welaýatlarda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy, ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyşy, şeýle hem ýetip gelýän baýramçylyklara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.