milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.04.2019 571 Habarlar

29-njy aprelda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, welaýatlary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipelerine garaldy.

Häkimler welaýatlarda şu gyzgalaňly günlerde durmuşa geçirilýän işler barada, gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna taýýarlyk görmek boýunça çäreler, welaýatlaryň ekin meýdanlarynda amala aşyrylýan beýleki agrotehniki çäreleriň alnyp barlyşy, şeýle hem gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.