milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.05.2023 622 Habarlar

22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda tagt we gögeriş suwuny tutmak işleri, kadaly gögeriş alnan ýerlerde ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Şu ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş bölümlerinde ýangyn we tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek maksady bilen, bu bölümler zerur ýangyn söndüriji enjamlar bilen üpjün edildi. Däne ýygýan kombaýnlary dolandyrjak mehanizatorlar bilen okuw maslahatlary geçirilýär.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, irki ýetişen ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak we ilatymyza ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň pile öndürijileri tarapyndan möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsüni çekdi we bu işleriň agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi arkaly geçirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.