milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
29.12.2022 342 Habarlar

28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň möhüm wezipedigini belläp, ösdürilip ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň, gant şugundyrynyň hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine ünsi çekip, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleriň gözegçilikde saklanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly zerur işleriň geçirilmegi tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.