milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.09.2022 418 Habarlar

5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we welaýatläryň häkimleri gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekin meýdanlarynda bugdaý ekişiniň barşy hem-de pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, güýzlük bugdaý ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, pagta ýygymyna taýýarlyk işleri bellenilen kadalara laýyklykda alnyp barylmalydyr.

Arkadagly Serdarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtap, şanly senäniň hormatyna açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak barada degişli tabşyryklary berdi.