milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
01.11.2022 339 Habarlar

31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň barşy, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk, öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň işleri talabalaýyk, başarnykly ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly seljerme işleriniň geçirilmelidigini tabşyrdy we welaýatlaryň häkimleriniň daýhan birleşiklerinde geçirilen seljerme işleri boýunça hasabatlarynyň diňleniljekdigini aýtdy.