milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.12.2022 627 Habarlar

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyndaky wezipelere ünsi çekdi hem-de häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, welaýat häkimlerine ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy.