milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.11.2022 549 Habarlar

14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de welaýatlarda geljek ýylda gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işlerine girişildi. Bugdaý ekişinde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin gögeriş we ösüş suwy tutulýar hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagynyň ähmiýeti barada belläp, şu günler ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenilen möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini aýtdy we bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.