milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.09.2022 441 Habarlar

12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşine, sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişine degişli meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işlerini degişli derejede guramak, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginini gowşatman alyp barmagy üpjün etmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da güýzlük ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny almak üçin, olara ideg edilişi hemişe üns merkezinde bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz öňde jogapkärli wezipeleriň durýandygyny aýdyp, Bitarap Watanymyzyň ýyl ýazgysyndaky şöhratly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygyna ünsi çekdi.