milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.10.2022 475 Habarlar

3-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän çäreler, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häzirki wagtda Diýarymyzda bugdaý ekişi güýçli depginlerde dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we beýleki ekiş gurallary doly güýjünde işledilýär. Şol bir wagtyň özünde topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ak ekinlere gögeriş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda pagtaçy daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şeýle hem içerki bazarlary ýurdumyzda öndürilýän gök, bakja, miwe we beýleki azyklyk önümler bilen üpjün etmek ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar. Şunda güýzlük ýeralma, gök we beýleki ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk derejede geçirmek, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmek babatda anyk görkezmeleri berdi.