milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.08.2022 481 Habarlar

29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşyna garaldy.

Ýakynda badalga beriljek güýzlük bugdaý ekişine hem-de täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Hasabatyň dowamynda oba hojalyk önümçiliginiň beýleki bir wajyp ugry bolan pagtany ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada aýdylyp, pagta ýygymyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny, kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreleriň görülýändigi barada habar berildi. Şeýle-de güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri talabalaýyk geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmekleriniň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, halkymyzyň abadançylygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýändigini belledi we bu babatda iş maslahatyna gatnaşanlara anyk görkezmeleri berdi.