milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
17.01.2023 222 Habarlar

16-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle hem 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär, pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, şu günler ministrligiň garamagyndaky pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, olary möwsüme doly taýýar edip goýmak, şu ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine hem-de welaýatlaryň häkimlerine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini talabalaýyk guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.