milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.12.2022 468 Habarlar

5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda bar bolan pagtany iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, kabul edilip alnan hasyly talabalaýyk saklamak hem-de ýurdumyzyň dokma senagatyny çig mal bilen üpjün etmek üçin ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylda pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, gowaça ekişinde ulanylmagy göz öňünde tutulýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlap, bu möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, şaly oragynyň, şunuň bilen birlikde, Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleriniň guramaçylykly dowam edýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde talabalaýyk hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi.