milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
26.10.2022 284 Habarlar

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Hasabatlaryň çäklerinde welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlyk görmek, zerur möçberde ot-iým taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi. Şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depginleri barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi.