milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
27.09.2022 390 Habarlar

26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hem-de ugurlaryň giň gerimini öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunda türkmen hem-de tatar halklaryny taryhyň dowamynda kemala gelen medeni, ruhy gymmatlyklaryň, nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly däpleriň umumylygynyň birleşdirýändigi bellenildi.