milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
01.09.2022 426 Habarlar

1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi.

Söhbetdeşler türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatyň möhüm ugurlary babatda, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm teklipdir başlangyçlaryň özara goldanylmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň dünýä giňişliginde, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde geljekde-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga özara gyzyklanmasy beýan edildi.