milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministrini kabul etdi
21.09.2022 551 Habarlar

20-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz we ministr söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, söwda-ykdysady ulgam bu gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda strategik häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir. Bu babatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça taslamalar uly ähmiýete eýedir. Energetika we kommunikasiýalar ulgamynda bu iri taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna, sebitde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.