milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Niderlandlaryň Patyşasyny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Niderlandlaryň Patyşasyny gutlady
27.04.2023 369 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we ýurduň dostlukly halkyna Niderlandlaryň milli baýramy — Patyşanyň güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Willem-Aleksandra tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Niderlandlaryň ähli halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.