milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
19.12.2022 457 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyryldy, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ýola goýuldy we netijeli alnyp barylýar» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze sepgitlere ýetirmäge taýýardygyny aýdyp, onuň iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.