milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
12.01.2023 300 Habarlar

    11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrarini kabul etdi.

Duşuşygyň çäklerinde gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda Italiýanyň indi köp ýyllaryň dowamynda Ýewropa giňişliginde Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi. Netijeliligi bilen tapawutlanýan bu gatnaşyklaryň giňeldilmegine ykdysadyýetiň hususy bölegi uly goşant goşýar. Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan italýan kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow taraplaryň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanyp boljakdygyny aýtdy hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, ýangyç-energetika, ulag, oba hojalyk we dokma senagaty ulgamlarynda iri milli hem-de halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegini hasaba almak bilen, bu mümkinçilikleriň işjeň herekete girizilmelidigini belledi. Şeýle hem baý taryhy, medeni mirasa eýe bolan türkmen we italýan halklarynyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Medeniýet günleriniň, sergileriň, ylmy maslahatlaryň geçirilmegi döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berer.