milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti «Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti «Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi
10.12.2022 164 Habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.