milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09.2022 467 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hytaý halkynyň zähmetiniň, parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde geçen döwrüň içinde Hytaý Halk Respublikasynyň durmuşyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanandygyny, täze eýýamda özboluşly hytaý aýratynlygy mahsus bolan sosializm baradaky taglymatlaryň halky «Hytaý arzuwyny» durmuşa geçirmegiň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny nygtady.