milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekilini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekilini kabul etdi
08.09.2022 472 Habarlar

7-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi.

Söhbetdeşler häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini we bilelikdäki tagallalar esasynda ägirt uly tejribe toplanandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy ugurdaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar. Hyzmatdaşlyk iki ýurduň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli syýasy erki esasynda ösdürilýär we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda «Merkezi Aziýa+Hytaý» hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ilerledilýär.