milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
12.01.2023 318 Habarlar

11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we diplomat hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady ulgamda, üstaşyr-ulag düzümlerinde, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde, ylym we bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlarynda iki dostlukly halklaryň abadançylygyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir. Iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki yzygiderli gatnaşyklar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýär.

Özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde dürli pudaklarda, şol sanda işewürlik düzümleriniň ugry boýunça netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berýän Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topara uly orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.