milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
27.10.2022 372 Habarlar

26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de diplomat ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Nygtalyşy ýaly, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmagyň ygtybarly binýadyny döretdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň maksat edinilýändigi bellenildi. Şunda söwda-ykdysady ulgam möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ulgamda mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde bilelikdäki hökümetara topara uly orun degişlidir.