milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
18.05.2023 399 Habarlar

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Goetzpartners Corporate Finance GmbH» kompaniýasyny esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Getsi, bu kompaniýany esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Sanktýohanseri, «Goetzpartners Corporate Finance GmbH» kompaniýasyny dolandyrmak boýunça edara binasy Dýusseldorfda bolan geňeşçi, hyzmatdaş Armin Raffalskini we «Prodoehl Consult GmbH» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hans Gerd Prodeli kabul etdi.

Bellenilişi ýaly, Germaniýa Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistan üçin möhüm hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde iki ýurduň arasynda giň ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň senagat, oba hojalygy, bank ulgamy, ulag we kommunikasiýa ýaly ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary alyp barýandyklary bellenildi. Köp ýyllaryň dowamynda geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda GFR-iň birnäçe iri kompaniýalary netijeli iş alyp barýarlar.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugruň hünärmenleriniň arasynda tejribe alşylmagynyň ýola goýulmagy, Türkmenistanyň lukmançylyk edaralarynyň öňdebaryjy german kompaniýalarynyň iň täze enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ugruň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Duşuşygyň dowamynda giň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasaty amala aşyrýan ýurdumyzyň halkara derejede uly abraýa eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esasy ugur edinýändigi bellenildi.

Köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak üçin uly geljegiň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň germaniýaly hyzmatdaşlaryň tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.