milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
08.10.2022 471 Habarlar

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň nobatdaky resmi däl sammitiniň geçirilýän ýerine — Konstantinowskiý köşgüne tarap ugrady. GDA döwletleriniň ýolbaşçylary «Mermer» zalyna çagyrylýar. Şol ýerde resmi däl sammit geçirildi.

GDA-nyň Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammiti Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi hem-de duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga meýillidigini tassyklady.