milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
30.08.2022 299 Habarlar

29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz we «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy bar bolan köpýyllyk oňyn tejribäni, uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň kompaniýasy tarapyndan hereket edýän şertnama boýunça türkmen gazyny satyn almak we bu ulgamda uzak möhleti nazarlaýan hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.