milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.12.2022 477 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Gazagystanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmek, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin syýasy, durmuş-ykdysady ugurlarda özgertmeleri amala aşyrandygyny kanagatlanma bilen belledi.

«Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin hem-de strategik häsiýete eýedir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, däp bolşy ýaly, açyklyk, birek-birege hormat goýmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, işjeň ösdürilýär» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.