milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
28.09.2022 512 Habarlar

27-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu nurana baýram biziň her birimiziň kalbymyzda Diýarymyzyň şöhratly geçmişine hem-de häzirki bagtyýar zamanasyna buýsanjy, röwşen geljegine ynamy artdyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gül çemenlerini we desselerini goýýarlar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlar hem türkmen halkynyň milli mukaddesliklerine belent sarpanyň nyşany hökmünde gül desselerini goýdular.

Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki meýdança güle beslenip, Watanymyza synmaz söýginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne buýsanjyň nyşanyna öwrüldi.