milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
28.10.2022 546 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Miloş Zemana Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Miloş Zemana tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Çehiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.