milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
30.04.2023 549 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Siziň soňky ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary jogapkärçilikli wezipesini eýelemek bilen, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, täze ýüze çykýan wehimlere garşy durmaga goşýan goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin» diýlip, döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda bellenilýär we Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýlan oňyn hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirilýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.