milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýetini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýetini kabul etdi
10.12.2022 206 Habarlar

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi.

Myhmanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine berýän uly ünsi üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmagy we täze geljegi uly taslamalara gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Wekiliýetiň agzalary ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny we maýa goýum çekijiligini belläp, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň aýratyn ornuny nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyz BAE-däki hyzmatdaşlaryň gyzyklanma bildirýän ähli ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk tekliplerine türkmen tarapynyň seretmäge taýýardygyny tassyklap, döwletara gatnaşyklaryň iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.