milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Baku şäherinde geçiriljek Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Baku şäherinde geçiriljek Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşar
19.10.2019 428 Habarlar

18-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Baku şäherinde geçiriljek Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasyna bellenilen iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda ählumumy howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek maksadynda harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we umumy tagallalary utgaşdyrmak ýörelgelerinde dünýä ýurtlaryny birleşdirýän Goşulyşmazlyk hereketi hem bar.

Milli Liderimiziň Baku şäherinde geçiriljek sammite gatnaşmagy häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde, milli bähbitleri we ählumumy ösüşiň ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň has netijeli görnüşlerini kesgitlemäge sazlaşykly çemeleşmeleri döretmekde Türkmenistanyň başlangyjynyň hem-de işjeň nukdaýnazarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz dünýäniň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek işinde bu sammitiň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işinde Goşulyşmazlyk hereketiniň esasy ýörelgelerine berk eýerýändigini belledi.