milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi
08.12.2022 351 Habarlar

7-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda halkara syýasatyň we sebitara gatnaşyklaryň meseleleri, hususan-da, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakyndygy we meňzeşdigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek bilen çäklenmän, eýsem, BMG, Türki Döwletleriň Guramasy, GDA, ÝHHG, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly guramalaryň çäklerinde hem gatnaşyk edýärler.

Köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirmelidir, olaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmalydyr we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kanun çykaryjy edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň, iki ýurduň parlamentleriniň duşuşyklarynyň, geňeşmeleriniň işjeňleşdirilmeginiň däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Şu gezekki parlament wekiliýetiniň düzümine türkmen-azerbaýjan dostluk toparynyň ähli agzalarynyň diýen ýaly goşulandygy bellärliklidir.