milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
17.10.2022 371 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.