milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.10.2022 315 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlyk we abadançylyk, Awstriýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.