milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
09.08.2019 460 Habarlar

8-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Duşuşykda dürli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi barada düýpli pikir alşyldy.

Duşuşygyň barşynda «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow kompaniýa tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada habar berip, energetika ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Igor Makarowyň belleýşi ýaly, şu gün «ARETI» welosipedleri kireýine bermegiň üç nokadynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi. Halkara derejeli sport ussady hem-de geçmişde professional türgen hökmünde men Türkmenistanda sporty ösdürmek boýunça geçirilýän giň möçberli işlere gatnaşýandygyma örän şatdyryn diýip, işewür aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman özara bähbitleri nazara almak esasynda guralýan hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen däp bolan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.