milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi
03.11.2023 240 Habarlar

Düýn  2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini aýtdy. Bu kanunlar döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmalydyr. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bu işleriň ählisini halk köpçüligine düşündirmek çärelerini yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabaralaryny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri görüldi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.