milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.10.2023 447 Habarlar

Şu gün — 28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we degişli resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri hem-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Şunda Raýat kodeksiniň täze beýany, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, gidrometeorologiýa işleri bilen bagly we başga-da birnäçe kanunlara döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, deputatlaryň gatnaşan halkara çäreleri barada hem aýdyldy. Öz gezeginde ýolbaşçylar gözegçilik edýän pudaklary boýunça taýýarlanan degişli resminamalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlediler. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen degişli resminamalaryň birnäçesine gol çekdi we olar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady.