milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.11.2022 431 Habarlar

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe meselelere garalandygyny we degişli resminamalaryň kabul edilendigini belledi.