milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.01.2023 490 Habarlar

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň işleriniň kadalaşdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça degişli düzümler tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler hasabatlarda beýan edilen aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, işlenip taýýarlanylan, ugurdaş düzümler bilen bellenilen tertipde deslapky ylalaşylan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylýan degişli resminamalar barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.