milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.04.2023 446 Habarlar

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän toplumlarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl üçin baş maliýe resminamasyny işläp taýýarlamak, şol sanda degişli düzümler bilen seljerme işlerini geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýekşenbe güni — 30-njy aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden, dabaraly belleniljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we ýurdumyzyň ähli halkyny behişdi bedewlerimiziň şanyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hormatly atşynaslara berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.