milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.11.2022 284 Habarlar

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe güni — 13-nji noýabrda Türkmenistanda Hasyl toýunyň giňden we dabaraly belleniljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary hem-de ýurdumyzyň ähli halkyny Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlap, oba zähmetkeşlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde geljekde-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow zähmetde tapawutlanyp, bol hasyl öndüren, ýokary netijeleri gazanan daýhanlary we oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Ýazmyradowa şenbe güni — 12-nji noýabrda şu ýyl bol hasyl ýetişdiren oba zähmetkeşlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, onda birnäçe möhüm meselelere seredilendigini, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalaryň kabul edilendigini belledi.